Ï TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Professional sport hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y <br>Professional sport hakynda

view-icon 10594
Şu Kanun professional sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär, şeýle hem professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) professional sport – sportuň düzüm bölegi,ýokary sport netijelerini gazanmak we girdeji almak maksady bilen sport ýaryşlaryny guramaga we geçirmäge gönükdirilen, esasy gatnaşyjylary professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport eminleri bolup durýan professional sport işi;

2) professional türgen – işiniň esasy görnüşi professional sport bilen meşgullanmak bolup durýan, professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan (hereket edýän zähmet şertnamasy bolan) we sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek, olara gatnaşmak we görkezen netijeleri üçin bellenilen tertipde hak-heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;

3) professional tälimçi – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesi bolan, ýerine ýetirilmegi sport netijesini gazanmak üçin professional türgenler bilen okuw-türgenleşik dersleriniň geçirilmegini, olara türgenleşikleriň howpsuz we netijeli tärlerini we usullaryny öwretmegi, professional türgeniň sport taýýarlygynyň geljekki, häzirki we hususy meýilnamalaryny işläp taýýarlamaklygy we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi göz öňünde tutýan professional klub bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň ýa-da raýat-hukuk şertnamasynyň esasynda işlemek hukugyna degişli tassyknamasy bolan, şeýle-de görkezilen işi ýerine ýetirendigi üçin bellenilen tertipde hak-heşdek (iş hakyny goşup) alýan fiziki şahs;

4) professional sport emini – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça halkara sport federasiýasy ýa-da degişli milli federasiýa, ýa-da sport ýaryşlarynyň guramaçysy tarapyndan sport ýaryşlaryny geçirmegiň degişli kadalaryny we şertlerini üpjün etmäge ygtyýarly edilen, şeýle hem görkezilen işiň amala aşyrylmagy üçin bellenilen tertipde hak-heşdek alýan, ýörite hünäri bolan fiziki şahs;

5) professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler – professional türgeni sport ýaryşlaryna taýýarlamak we olara gatnaşdyrmak işine gös-göni çekilen, professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan lukman, massaž ediji, psiholog, şeýle hem beýleki hünärmenler;

6) professional sport kluby – sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa bilen agzalyk ýa-da şertnamalaýyn gatnaşyklara giren, sport ýaryşlaryna gatnaşýan we bu işden girdeji alýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen we hereket edýän ýuridik şahs;

7) sportuň görnüşi boýunça professional topar – professional tälimçiniň (tälimçileriň) ýolbaşçylygynda sportuň görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna taýýarlygy we gatnaşmagy amala aşyrýan, professional türgenleriň toparyndan durýan professional sport klubunyň düzümi;

8) professional liga– ýurduň çäginde sportuň görnüşi (ýa-da görnüşleri) boýunça professional sport klublarynyň arasynda sport çärelerini guramak we geçirmek maksady bilen professional sport klublarynyň birleşmegi;

9) halkara sport federasiýasy – halkara derejesinde sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini dolandyrýan we milli derejede sportuň şu görnüşini (görnüşlerini) dolandyryjy guramalary öz düzüminde birleşdirýän, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen döwlete dahylsyz bolan halkara gurama;

10) professional sport babatda zähmet şertnamasy – professional sport klubunyň we professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň arasyndaky sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan hasaba alynýan şertnama, oňa laýyklykda professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen bu şertnamada kesgitlenen zähmet wezipesini hut özi ýerine ýetirmäge borçlanýar, ýokary sport netijelerini gazanmaga we bu şertnamada göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge ymtylýar, professional sport kluby bolsa munuň üçin professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene şertnamada kesgitlenen möçberde we tertipde iş hakyny tölemäge hem-de şeýle şertnamada göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge borçlanýar.

2-nji madda. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri

1. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan, beýleki kanunlardan we professional sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

3. Professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň wezipeleri şulardyr:

1) professional sport bilen meşgullanmak üçin raýatlaryň hukuklaryny üpjün etmek we goramak;

2) Türkmenistanda professional sportuň hereket etmegine we ösmegine hukuk kepilliklerini döretmek;

3) professional sport babatda fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek, şeýle hem bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.

3-nji madda. Professional sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak

Döwlet şu aşakdakylar arkaly professional sport babatda işi goldaýar:

1) professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmek, şeýle hem zähmet işini goldamak;

2) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynda professional türgenleriň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça çäreleri maliýe taýdan goldamak;

3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynda professional türgenleriň çykyşlaryna taýýarlyk görmek boýunça professional sport klublarynyň işini höweslendirmek;

4) professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň halkara derejesinde hukuklaryny we bähbitlerini goramak;

5) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň we professional sport klublarynyň halkara aragatnaşyklaryny goldamak;

6) professional sport babatda hemaýatkärligi we haýyr-sahawatlylygy höweslendirmek.

II BAP. PROFESSIONAL SPORTUŇ SUBÝEKTLERI,

OLARYŇ PROFESSIONAL SPORT BABATDA YGTYÝARLYKLARY, ESASY HUKUKLARY WE BORÇLARY

4-nji madda.
Professional sportuň subýektleri

Professional sportuň subýektlerine şular degişlidir:

1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy;

2) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;

3) professional sport klublary;

4) sportuň görnüşleri boýunça professional toparlar;

5) professional türgenler;

6) professional tälimçiler;

7) professional sport eminleri;

8) professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler.

5-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy

Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy:

1) professional sport babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) professional sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3) professional sporty döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini durmuşa geçirýär;

4) professional sport babatda işi guramak üçin ulanylýan professional sportuň sport desgalarynyň gurluşyk kadalary we düzgünleri, sanitariýa kadalary boýunça, şeýle hem sport desgalarynda bolýan şahslaryň janyny we saglygyny goramak boýunça döwlet talaplaryny belleýär;

5) professional sport babatda işi guramak üçin ulanylýan Türkmenistanyň döwlet eýeçiliginde duran sport desgalarynyň gurluşygyny we üpjünçiligini amala aşyrýar;

6) professional sport üçin sport ätiýaçlygyny taýýarlamak maksady bilen çagalar-ýetginjekler sport mekdeplerini döredýär;

7) saglygy goraýyş babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy bilen bilelikde professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminlerini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek maksady bilen sport lukmançylygy merkeziniň işini guraýar;

8) professional sport babatda işgärleriň taýýarlygyna gatnaşygy bolan bilim edaralarynyň işiniň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligini amala aşyrýar;

9) professional sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

10) professional sport babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär.

6-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň esasy hukuklary we borçlary

1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) öz ygtyýarynyň çäklerinde sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýanyň agzalary bolup durýan professional sportuň subýektleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kadalaşdyryjy hukuk namalary (dessurlary, düzgünleri, gollanmalary we başgalary) işläp taýýarlamak we kabul etmek, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek;

2) professional sport klublaryň arasynda sport ýaryşlaryny (professional liga) guramak we geçirmek, olary geçirmegiň gurluşyny, ýaryşlaryň senenamasyny we beýleki şertleri kesgitlemek;

3) professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminleri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri sport ýaryşlaryna gatnaşmaga goýbermegi amala aşyrmak;

4) professional sport klublary tarapyndan geçirilýän sport ýaryşlaryna gözegçilik etmek;

5) professional sport babatda zähmet şertnamalaryny bellige almak we hasaba almak;

6) professional türgenlere türgeniň hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamany we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenen tertipde beýleki resminamalary bermek;

7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport eminleri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri düzgün-nyzam (sport) jogapkärçiligine çekmek;

8) professional sport klublaryndan üç ýylda bir gezek ýeterlik derejede işgärler mümkinçiliginiň we degişli maddy-enjamlaýyn binýadynyň bardygynyň, şeýle hem esaslandyryjylar tarapyndan degişli esaslyk maýalaryna geçirilýän serişdeleriň kanuny gelip çykyş çeşmeleriniň tassyknamasyny soramak;

9) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmak.

2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) döwletiň içinde hem-de halkara derejesinde professional sportuň subýektleriniň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny üpjün etmek;

2) sport çäreleri geçirilýän wagtynda bellenilen tertipde tiz saglygy goraýyş kömeginiň nobatçylygyny guramagy üpjün etmek;

3) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen möhletde professional sport babatda zähmet şertnamalarynyň bellige alynmagyny geçirmek;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda professional sportuň weteranlaryna we maýyplaryna maddy we durmuş-üpjünçilik kömegini bermek;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmek.

3. Professional sport klublary tarapyndan bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny etmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

7-nji madda. Professional sport klublarynyň esasy hukuklary we borçlary

1. Professional sport klublary şu aşakdakylara haklydyr:

1) professional sport klubunda hereket edýän sportuň görnüşleri boýunça professional toparlary döretmäge;

2) professional sport klubuna degişliligini görkezmek bilen sportuň görnüşi boýunça professional topara firma adyny bermäge;

3) sportuň görnüşi boýunça professional toparyň baş tälimçisini bellemäge;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sportuň görnüşleri boýunça professional toparlary bellige almaga;

5) içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlamaga we kabul etmäge;

6) professional türgenler, professional tälimçiler we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenler bilen şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde professional sport babatda zähmet şertnamalaryny baglaşmaga, üýtgetmäge we ýatyrmaga;

7) ýokary sport netijeleriniň gazanylandygy üçin professional türgenleri, professional tälimçileri, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri sylaglamaga;

8) professional türgenlerden, professional tälimçilerden, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenlerden professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalarynda bar bolan borçlaryň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegini, şeýle hem professional sport klubunyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň berjaý edilmegini talap etmäge;

9) professional türgenleri, professional tälimçileri we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleri professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalarynda bar bolan borçlaryň olar tarapyndan bozulandygy üçin düzgün-nyzam we maddy jogapkärçilige çekmäge, şeýle hem professional sport klubunyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilige çekmäge;

10) sportuň görnüşleri boýunça professional ligalaryna birikmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

2. Professional sport klublary şulara borçludyrlar:

1) professional türgene, professional tälimçä we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamalaryna we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň kadalaryna laýyklykda aýlyk iş hakyny öz wagtynda tölemäge we beýleki tölegleri amala aşyrmaga;

2) öz serişdeleriniň hasabyna professional türgenleriň, professional tälimçileriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň olaryň iş orunlaryny (wezipesini) we görkezilen lukmançylyk barlaglaryny geçýän wagtynda ortaça iş hakyny saklap galmak bilen hökmany deslapky, döwürleýin we nobatdan daşary lukmançylyk gözegçiliginiň (barlaglarynyň) geçirilmegini guramaga;

3) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen möhletde sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýada professional sport babatda zähmet şertnamalarynyň bellige alynmagyny geçirmäge;

4) professional türgeni, professional tälimçini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni sport geýimi, esbaby, lukmançylyk hyzmaty we olaryň hususy gorag serişdelerini goşup, professional sport babatda zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan zähmet borçlarynyň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan beýleki serişdeler bilen üpjün etmäge;

5) sport ýaryşlarynyň we okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçirilýän ýerini, zähmeti goramagyň we gigiýenanyň talaplaryna jogap berýän göwnejaý tehniki enjamy bilen we professional türgeniň, professional tälimçiniň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň zähmetiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge;

6) professional türgeni, professional tälimçini we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni professional sport babatda zähmet şertnamalarynda göz öňünde tutulan zähmet borçlarynyň olar tarapyndan ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly durmuş hajatlary bilen üpjün etmäge;

7) sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän wagtynda ýa-da gös-göni olara gatnaşýan wagtynda professional türgen şikes alan mahalynda, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlar bolanda professional türgene ýokary derejede mugt lukmançylyk kömegini guramaga, şeýle hem şeýle betbagtçylykly halatyň derňelmegini we hasaba alynmagyny üpjün etmäge;

8) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň sport şikesi zerarly dörän zähmete wagtlaýyn ukypsyzlygy döwründe oňa öz serişdesiniň hasabyna möçberi professional sport babatda zähmet şertnamasynda taraplar tarapyndan ylalaşylan iş hakyny tölemäge;

9) sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe we gös-göni olara gatnaşylýan wagtda doping serişdeleriň we (ýa-da) sportda peýdalanmak gadagan edilen usullaryň peýdalanylmagyny ýok etmek;

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ilatynyň arasynda professional sporty wagyz etmek we ýaýratmak boýunça çäreleri geçirmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde professional türgeniň, professional tälimçiniň, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň döwlet pensiýa we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrmaga;

12) öz serişdeleriniň hasabyna ýaşlaryň arasynda sport ätiýaçlygynyň taýýarlanylmagyny, çagalar-ýetginjekler sport mekdepleriniň döredilmegini amala aşyrmak, sportuň degişli görnüşi boýunça tälimçileriň we eminleriň taýýarlanylmagyna gatnaşmak;

13) professional sport klubunyň ugry boýunça, şeýle-de zähmet işiniň beýleki çygryndaky kärler we hünärler boýunça professional türgenlere hünär bilimini almaga ýardam etmek;

14) sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýada agzalykdan gelip çykýan borçlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

3. Professional sport kluby Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alnan pursadyndan ýuridik şahsyň hukuklaryna eýe bolýar.

8-nji madda. Professional türgeniň, professional tälimçiniň, professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň, şeýle-de professional sport emininiň esasy hukuklary we borçlary

1. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasyny şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde we şertlerde baglaşmak, üýtgetmek we ýatyrmak;

2) professional sport klubundan professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasynda, şu Kanunda, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bar bolan öz borçlaryny ýerine ýetirmegini talap etmek;

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry hukuklary amala aşyrmak.

2. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen şu aşakdakylara borçludyr:

1) sport düzgün-nyzamyny berjaý etmäge;

2) professional sport babatda zähmet şertnamasy bilen öz üstüne ýüklenen zähmet borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmäge;

3) sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe we gös-göni olara gatnaşylýan wagtynda doping serişdeleriň we (ýa-da) sportda peýdalanmak gadagan edilen usullaryň ulanylmazlygyna;

4) professional sport kluby ýa-da sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan guralýan okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna, sport ýaryşlaryna, hünär tälim tejribeligine, ýygnaklara, duşuşyklara, maslahatlara, metbugat maslahatlaryna we beýleki sport we gaýry çärelere gatnaşmaga;

5) professional sport klubunyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny we zähmet düzgün-nyzamyny berjaý etmäge;

6) öz beden taýýarlygyny pugtalandyrmak, gowulandyrmak we dikeltmek üçin professional sport kluby tarapyndan guralýan ähli lukmançylyk barlaglaryna we çärelerine gatnaşmaga;

7) sanawy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenýän sportuň haýsydyr bir aýratyn howply görnüşleri bilen meşgullanmazlyga;

8) zähmeti goramagyň we özüniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryny berjaý etmäge;

9) professional sport klubunyň emlägine aýawly garamaga;

10) öz saglyk ýagdaýy hakynda professional sport klubuny habarly etmäge we alnan şikesler, keseller we saglyk ýagdaýynyň beýleki ýaramazlaşmagy hakynda haýal etmän habar bermäge;

11) zähmeti goramak boýunça işleri ýerine ýetirmegiň howpsuz usullarynyň we tärleriniň okuwyny, betbagtçylykly halatlarda ilkinji kömegi bermegiň okuwyny, zähmeti goramak boýunça gözükdirmäni, iş ornunda hünär kämilleşdirişi, zähmeti goramagyň talaplary boýunça bilimleriniň barlagyny geçmäge;

12) Türkmenistanyň kanunçylygyna we professional sport babatda zähmet şertnamasyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

3. Professional sport eminleriniň hukuklary we borçlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan professional sport eminleri hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.

III BAP. PROFESSIONAL SPORTDA HUKUK GATNAŞYKLARY

9-njy madda.
Professional sport babatda zähmet şertnamasynyň aýratynlyklary

1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we professional sport klubunyň ýolbaşçysynyň degişli buýrugy bilen tassyklanylýar.

2. Professional sport babatda zähmet şertnamasynda şular görkezilýär:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady, şeýle hem professional sport klubunyň ady;

2) gurluş düzüm birligini görkezmek bilen iş ýeri;

3) professional sport babatda zähmet şertnamasynyň hereket ediş möhleti;

4) professional sport klubunyň wezipe sanawyna laýyklykda hünärini görkezmek bilen professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň wezipesiniň (hünäriniň, käriniň) ady ýa-da professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň anyk iş wezipesi;

5) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň hukuklary we borçlary;

6) professional sport klubunyň hukuklary we borçlary;

7) agyr, zyýanly we (ýa-da) howply şertlerdäki iş üçin professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň zähmet şertleriniň, öwez pullarynyň we ýeňillikleriniň häsiýetnamalary;

8) zähmet we dynç alyş düzgüni;

9) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň zähmetine hak tölemegiň şertleri, şol sanda nyrh stawkasynyň ýa-da wezipe aýlygynyň, goşmaça hakyň, üstüne goşma we höweslendiriji tölegleriň möçberi;

10) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň döwlet pensiýa we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasynyň şertleri.

3. Professional sport babatda zähmet şertnamasynda hünär synagy, kanun bilen goralýan professional syry jar etmezlik hakynda şertler, bilim edarasyndaky okuwa degişli şertler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki düzgünler göz öňünde tutulyp bilner.

4. Professional sport babatda zähmet şertnamasy, eger zähmet şertnamasyny baglaşmagyň beýleki ýokary möhleti Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmasa, azyndan bir ýyllyk we iň ýokary möhleti bäş ýyla çenli baglaşylýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik professional türgeniň bähbitlerini goramak maksady bilen professional sport babatda zähmet şertnamasy onuň bilen iň ýokary möhleti üç ýyla çenli baglaşylýar.

5. Professional sport babatda zähmet şertnamasy sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan bellige alynýar we professional sport klubunyň degişli buýrugynda görkezilen onuň tassyklanan senesinden güýje girýär.

6. Professional sport babatda zähmet şertnamasynyň şertleri diňe taraplaryň ylalaşmagy boýunça ýazmaça görnüşde üýtgedilip bilner.

7. Professional türgen bir wagtda diňe bir professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň bolmagyna haklydyr.

8. Professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ozal professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen hökmany deslapky lukmançylyk gözden geçirmesine degişlidir.

10-njy madda. Professional sport babatda ilkinji zähmet şertnamasyny baglaşmagyň aýratynlyklary

1. Professional sport klubunyň düzümine girýän sport mekdebiniň okuwçysy ýa-da uçurymy bolup durýan professional türgen, eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu professional sport kluby bilen professional sport babatda ilkinji zähmet şertnamasyny baglaşýar.

2. Professional sport klubunyň düzümine girýän sport mekdebiniň uçurymy bolup durýan professional türgen ony tamamlan pursadyndan bir ýylyň dowamynda onuň bilen professional sport babatda ilkinji zähmet şertnamasyny baglaşmadyk bolsa ýa-da şeýle professional sport klubundan professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmak barada ýazmaça ýüz dönderen bolsa, beýleki islendik professional sport kluby bilen professional sport babatda ilkinji zähmet şertnamasyny baglaşmaga haklydyr.

11-nji madda. Professional sport babatda zähmet şertnamasy baglaşylanda hünär synagy hakynda

1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy baglaşylanda taraplaryň ylalaşygy bilen, synag möhleti döwründe, şol sanda professional sport klubunyň sport ýaryşlaryna taýýarlyk döwründe professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň professional derejesini, ussatlygyny ýa-da beden taýýarlygyny barlamak maksady bilen Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen kesgitlenen möhlete hünär synagy şertlendirilip bilner.

2. Hünär synagy hakyndaky şert professional sport babatda zähmet şertnamasynda görkezilmelidir. Professional sport babatda zähmet şertnamasynda hünär synagy hakyndaky şertleriň bolmazlygy professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň hünär synagy bolmazdan kabul edilendigini aňladýar.

3. Hünär synagynyň kanagatlanarsyz netijesinde professional sport kluby synag möhletiniň gutarmagyna çenli professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň hünär synagyna döz gelmändigini ykrar etmek üçin esas bolup hyzmat eden sebäplerini görkezmek bilen ony ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli professional sport babatda zähmet şertnamasynda görkezilen wagtdan gijä galman bu hakda professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene ýazmaça görnüşde duýduryp, birtaraplaýyn tertipde professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmak hukugyna eýedir. Şunda professional sport kluby professional türgenden onuň taýýarlygy we okuwy üçin oňa öwez pulunyň tölenilmegini talap etmek hukugyna eýe däldir.

4. Eger hünär synagynyň möhleti gutarsa, professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen işini dowam etdirse, onda ol hünär synagyny geçen diýlip hasap edilýär we şondan soň professional sport babatda zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyna diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda umumy esaslarda ýol berilýär.

5. Eger hünär synagy döwründe professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen özüne teklip edilen iş özi üçin ýaramly däl diýen netijä gelse, onda ol ony ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli şu şertnamada görkezilen möhletden gijä galman bu hakda professional sport klubuna ýazmaça görnüşde duýduryp, birtaraplaýyn tertipde professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmak hukugyna eýedir.

12-nji madda. Professional sport babatda zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýän ýaş

1. On alty ýaşyna ýeten şahslar bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna ýol berilýär.

2. Ata-eneleriň (hossaryň we howandaryň) biriniň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň, şeýle hem sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýanyň razylygy bilen professional sport babatda zähmet şertnamasy on alty ýaşyna ýetmedik okuwçylar bilen baglaşylyp bilner.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlaryna kämillik ýaşyna (18 ýaş) ýetýänçä daşary ýurt professional sport klublary bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmaga rugsat berilmeýär.

13-nji madda. Professional türgenleriň, professional tälimçileriň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuklarynyň kepillikleri

1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen bilen baglaşylmadyk ýagdaýynda professional sport kluby onuň işi bilen baglanyşykly, şol sanda onuň başga professional sport klubuna geçmegi bilen baglanyşykly haýsydyr bir öwez puluna bolan hukuga eýelik etmeýär.

2. Professional türgeniň düzgün-nyzam (sport) jogapkärçiligine çekilip, sport ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edilen döwründe professional sport kluby onuň okuw-türgenleşik prosesine gatnaşmagyny üpjün etmäge borçludyr.

3. Düzgün-nyzam (sport) temmileri berlende professional türgende, professional tälimçide ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmende islendik ýagdaýda onuň iş hakynyň azyndan elli göterimi saklanylmalydyr.

4. Professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene özüniň naharlanmak, ýol, ýaşamak we sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek, dikeldiş işiniň guralmagy, şikes alnan ýa-da kesellän mahalynda lukmançylyk bejergisi üçin onuň harçlan çykdajylarynyň, şeýle hem professional sport babatda zähmet şertnamasynda kesgitlenen möçberlerde beýleki çykdajylarynyň öwezi dolunýar.

5. Eger professional türgen ätiýaçlandyrmagyň zerur şertnamalarynyň baglaşylmazlygy, professional türgen tarapyndan hökmany deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözegçiligini, zähmeti goramak babatda bilimleriniň we endikleriniň barlaglaryny, okuwyny geçmezligi bilen baglanyşykly professional sport klubunyň günäsi boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşmaga goýberilmese, professional sport kluby Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde professional türgene onuň çeken zyýanynyň öwezini dolýar.

14-nji madda. Professional türgeni sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirmek

1. Professional sport kluby professional türgeni aşakdaky ýagdaýlarda islendik sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirmäge borçludyr:

1) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna çagyrylan döwri;

2) professional sport klubunyň çözgüdi boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşmakdan yzyna çagyrylanda;

3) sport ýaryşlaryna we (ýa-da) okuw-türgenleşik işine gatnaşmagy gadagan edýän lukmançylyk netijenamasynyň esasynda;

4) şeýle professional türgen babatda sport sanksiýalaryny ulanmak mümkinçiligine garalan mahalynda halkara sport guramalarynyň we (ýa-da) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň talap etmegi boýunça.

2. Professional sport kluby professional türgeni çetleşdirmek üçin esas bolan ýagdaýlar düzedilýänçä wagtyň bütin döwri üçin ony islendik sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirýär.

3. Şu maddada görkezilen esaslar boýunça professional türgeniň sport ýaryşlaryna we okuw-türgenleşik işine gatnaşmakdan çetleşdirilýän döwründe professional türgene çetleşdirmegiň bütin döwründe ortaça iş hakynyň möçberinde töleg tölenilýär.

15-nji madda. Professional sport babatda zähmet şertnamasyny bes etmegiň aýratynlyklary

1. Professional sport babatda zähmet şertnamasy onuň hereket ediş möhletiniň gutarmagy sebäpli professional sport klubunyň ýolbaşçysynyň degişli buýrugyny çykarmak arkaly ýatyrylýar.

2. Professional sport babatda zähmet şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy boýunça islendik wagtda ýatyrylyp bilner.

3. Professional sport babatda zähmet şertnamasy taraplaryň biriniň talap etmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da professional sport babatda zähmet şertnamasynda bellenilen ýagdaýlar boýunça ikinji tarapy ýazmaça görnüşde habarly etmek arkaly möhletinden öň ýatyrylyp bilner.

4. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da görkezilen şertnamada bellenilen ýagdaýlar boýunça şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulyşy ýaly professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli bir aýdan az bolmadyk möhletde duýdurmak arkaly professional sport babatda zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan möçberde onuň taýýarlygy we okuwy üçin öwez puluny professional sport klubuna tölän ýagdaýynda professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny birtaraplaýyn tertipde ýatyrmaga haklydyr. Eger şeýle öwez pulunyň möçberi professional sport babatda zähmet şertnamasynda kesgitlenmedik bolsa, onda professional sport babatda zähmet şertnamasy birtaraplaýyn tertipde ýatyrylan mahalynda professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen professional sport klubuna öwez puluny doly möçberde (goşmaça haklary, üstüne goşma we höweslendiriş töleglerini goşup), ýöne şeýle professional sport klubunda onuň ýyllyk ortaça iş hakyndan köp bolmadyk möçberde töleýär.

5. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen, eger professional sport kluby professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene iki aýdan geçirip iş hakyny (goşmaça tölegleri, üstüne goşma we höweslendiriş töleglerini goşup) tölemese, şeýle hem professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerini düýpli bozsa, islendik wagtda birtaraplaýyn tertipde professional sport babatda zähmet şertnamasyny şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulyşy ýaly professional sport babatda görkezilen şertnamany ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli iki hepdeden az bolmadyk möhletde duýdurmak arkaly ýatyrmaga haklydyr. Şunda professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen özüniň taýýarlygy we okuwy üçin professional sport klubuna öwez puluny tölemeýär.

6. Professional sport kluby birtaraplaýyn tertipde, şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulyşy ýaly, professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli bir aýdan az bolmadyk möhletde duýdurmak arkaly, görkezilen şertnamany ýatyrmaga haklydyr we professional türgenden, professional tälimçiden ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenden onuň taýýarlygy we okuwy üçin professional sport babatda zähmet şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde öwez pulunyň tölenmegini, eger şeýle öwez pulunyň möçberi professional sport babatda zähmet şertnamasynda kesgitlenmedik bolsa, onda doly möçberde, ýöne şeýle professional sport klubunda onuň ýyllyk ortaça iş hakyndan köp bolmadyk möçberde öwez pulunyň tölegini şu aşakdaky halatlarda talap etmäge haklydyr:

1) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen tarapyndan professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasynyň düzgünleri düýpli bozulanda;

2) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen sport ýaryşlaryna gatnaşmakdan mahrum edilende;

3) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen kazyýetiň kanuny güýje giren hökümine laýyklykda öňki işini dowam etdirmegini aradan aýyrýan temmä sezewar edilse;

4) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen tarapyndan zähmeti goramak boýunça talaplar bozulsa, eger bu bozulma agyr netijelere getirse ýa-da şeýle netijeleriň gelip ýetmegine görnetin açyk howp döretse.

7. Professional sport kluby, birtaraplaýyn tertipde, şu maddanyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulyşy ýaly, professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmagyň çaklanylýan senesine çenli iki hepdeden az bolmadyk möhletde duýdurmak arkaly, görkezilen şertnamany onuň taýýarlygy we okuwy üçin öwez puluny professional türgenden, professional tälimçiden ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenden talap etmek hukugy bolmazdan şu aşakdaky ýagdaýlarda ýatyrmaga haklydyr:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasy bilen bellenilen möçberde professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene öwez puluny hökmany tölemek şertinde professional sport klubunyň wezipeli adamlarynyň teklibi boýunça professional sport babatda zähmet şertnamasyny möhletinden öň bes etmek hakynda professional sport kluby tarapyndan çözgüt kabul edilse;

2) professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň saglyk ýagdaýy lukmançylyk netijenamasy boýunça ýerine ýetirilýän işe laýyk gelmese, şunda oňa professional sport babatda zähmet şertnamasy bilen kesgitlenen möçberde hökmany öwez puly tölenilmelidir;

3) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen harby gulluga çagyrylanda;

4) professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen aradan çyksa ýa-da professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilse ýa-da onuň aradan çykanlygy mälim edilse;

5) professional sport babatda zähmet gatnaşyklaryny dowam etdirmäge päsgel berýän adatdan daşary ýagdaýlar (harby hereketler, heläkçilik, tebigy betbagtçylyk, uly şowsuzlyk, epidemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çyksa;

6) professional türgen ýa-da professional tälimçi hökmünde çagyrylan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Türkmenistanyň çäginde zähmet işini alyp barmak üçin berilýän rugsatnamanyň hereket etmegi bes edende ýa-da hereket ediş möhleti geçende.

8. Sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça milli federasiýanyň professional türgeniň özüniň taýýarlygy we okuwy üçin öwez puly boýunça professional sport babatda baglaşan zähmet şertnamasyna laýyklykda professional sport kluby bilen hasaplaşmadyk ýagdaýynda ony sport ýaryşlaryna goýbermäge hukugy ýokdur.

16-njy madda. Professional türgeniň bir professional sport klubundan beýlekä geçmegi (transferi)

1. Professional türgen aşakdaky ýagdaýlarda bir professional sport klubundan beýlekä geçmek, şol sanda wagtlaýyn geçmek hukugyna eýedir:

1) professional sport babatda zähmet şertnamasynyň möhleti gutaranda;

2) professional sport babatda zähmet şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy boýunça ýa-da taraplaryň biriniň başlangyjy boýunça möhletinden öň ýatyrylsa;

3) professional türgen bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmak isleýän professional sport klubunyň, professional türgen bilen professional sport babatda baglaşylan zähmet şertnamasy bolan professional sport klubunyň we professional türgeniň özüniň arasyndaky ylalaşyk gazanylsa;

4) professional türgen, professional sport babatda professional türgen bilen baglaşylan zähmet şertnamasy bolan professional sport kluby we professional türgeniň wagtlaýyn çykyş etjek professional sport kluby bilen razylaşyp professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyrmazdan professional türgen başga professional sport klubunda wagtlaýyn çykyş etse.

2. Professional sport babatda zähmet şertnamasy ýatyrylan mahalynda professional türgen islendik professional sport klubuna geçmek hukugyna eýedir.

Professional türgen bilen professional sport babatda zähmet şertnamasyny ýatyran professional sport kluby professional türgeniň geçen beýleki professional sport klubundan haýsydyr bir öwez puluny almak hukugyna eýe däldir.

3. Professional türgen bilen professional sport babatda hereket edýän zähmet şertnamasy bolan bir professional sport klubundan professional türgen professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşmak isleýän ýa-da professional türgeniň hyzmatlaryndan wagtlaýyn peýdalanmak isleýän başga professional sport klubuna geçende, şol sanda wagtlaýyn geçende, professional sport klublary bilen professional türgeniň arasynda professional türgeniň geçmeginiň şertleri we tertibi hakynda şertnama düzülýär, ol başga professional sport kluby bilen professional sport babatda zähmet şertnamasynyň hereket edýän döwründe professional türgeniň professional sport klubuna geçmegi üçin öwez puly hakyndaky şerti özünde saklap biler.

4. Professional türgeniň professional sport klubuna geçmeginiň şertleri we tertibi hakyndaky şertnama, eger Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýa tarapyndan bellige alynýar we professional sport klubunyň degişli buýrugynda görkezilen senede baglaşylan hasap edilýär.

5. Professional türgeniň professional sport klubuna wagtlaýyn geçmeginiň şertleri we tertibi hakyndaky şertnamada professional türgeniň hyzmatlaryndan wagtlaýyn peýdalanmak isleýän professional sport klubunda professional türgeniň wagtlaýyn çykyş etmek möhletiniň professional türgen bilen professional sport babatda hereket edýän zähmet şertnamasynyň möhletinden ýokary geçip bilmejekdigi hakynda şert bolmalydyr.

6. Professional türgeniň başga professional sport klubuna geçendigi üçin öwez pulunyň möçberi, şeýle hem geçmegi resmileşdirmegiň tertibine degişli bolan beýleki meseleler Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

17-nji madda. Professional sportda intellektual eýeçilik

1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga zat bellenilmedik bolsa, intellektual eýeçiligiň obýektini döreden professional türgene, professional tälimçä, professional sport eminine ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene şeýle obýekte bolan şahsy emläk däl hukuklary we hak-heşdege bolan hukuk degişlidir, onuň möçberi, şertleri we töleginiň tertibi işgär bilen iş berijiniň arasyndaky şertnama bilen kesgitlenilýär.

2. Eger professional sport babatda zähmet şertnamasynda başga zat göz öňünde tutulmadyk bolsa, professional türgen professional sport klubunyň tarapyna öz çykyşy bilen baglanyşykly şekilleri hem öz adyndan peýdalanmaga bolan ähli hukuklary professional sport klubuna muzdsuz berýär.

3. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalara we professional sport klublaryna intellektual eýeçilige bolan hukuk berkidilýär (sport senenamasy, sport nyşanlary, täjirçilik hukuklary).

18-nji madda. Professional türgeni, professional tälimçini ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna çekmek

1. Professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzümine çekilip, çykyş etmekleri Türkmenistanyň raýatynyň mukaddes borjy bolup durýar.

Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş etmekden esasly düşündirişi berip, ýüz dönderse, onda bu ýagdaý seljerilýär we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy şoňa görä çözgüt kabul edýär.

2. Professional sport kluby professional sport babatda zähmet şertnamasynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan professional türgeni, professional tälimçini ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeni sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin goýbermäge borçlanýar.

3. Professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna we sport ýaryşlaryna gatnaşmagynyň tertibi we möhletleri bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar tarapyndan kesgitlenilýär.

4. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmen sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlaryna çekilende oňa iş ýeriniň (wezipesiniň) we ortaça iş hakynyň saklanylmagy, şeýle hem naharlanmak, ýol, ýaşamak we sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek, şikesler we keseller alnanda dikeldiş işini, lukmançylyk bejergisini, beýleki zerur çykdajylary goşup, oňa sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň tarapynda çykyş etmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagy kepillendirilýär.

Görkezilen çykdajylaryň öwezi professional türgene, professional tälimçä ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmene Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde dolunýar.

5. Düzümine sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça Türkmenistanyň degişli milli ýygyndy topary girýän sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça milli federasiýa professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň şahsy ätiýaçlandyrmasyny üpjün edýär.

6. Professional türgeniň, professional tälimçiniň ýa-da professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmeniň sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ygtyýaryna berilmegi üçin professional sport klublaryna öwez puly tölenilmeýär.

19-njy madda. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport emini üçin bellenilýän hünär talaplary we durmuş şertleri

1. Professional sportda türgene, tälimçä we emine bellenilýän hünär talaplary degişli halkara sport guramalarynyň professional sport işini kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Professional türgeniň hünär derejesi türgeniň professional sport babatda zähmet şertnamasyny baglaşan professional sport klubunyň hünär synag topary tarapyndan ýylda bir gezekden az bolmadyk ýagdaýda tassyklanylýar.

3. Professional tälimçiniň we professional sport emininiň hünär derejesi sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça degişli milli federasiýanyň hünär synag topary tarapyndan bir gezekden az bolmadyk ýagdaýda tassyklanylýar.

4. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport emini iş berijileriň serişdeleriniň hasabyna şahsy ätiýaçlandyrmasyna we jogapkärçilik ätiýaçlandyrmasyna degişlidir.

5. Professional türgen, professional tälimçi ýa-da professional sport emini hökmünde zähmet işi bilen meşgullanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşy boýunça pensiýa hukuk berýän iş bolup durýar.

20-nji madda. Professional sportda ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik

1. Sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän wagtda ýa-da gös-göni olara gatnaşylýan wagtda sport kadalaryny we düzgünlerini gödek bozmak bilen (bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk bilen) professional türgen tarapyndan beýleki professional türgene ýetirilen bilkastlaýyn maddy we ahlak zyýanyň (zeleliň) öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we esaslar boýunça dolunýar.

2. Sport ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän wagtynda ýa-da gös-göni olara gatnaşylýan wagtda professional türgen tarapyndan beýleki professional türgene ýetirilen bilkastlaýyn bolmadyk maddy we ahlak zyýan (zelel), eger-de onuň sport kadalarynyň we düzgüniniň çäginde ýetirilendigi anyklanylsa, öwezi dolunmaga degişli däldir.

Görkezilen halatlarda şeýle zyýany (zeleli) ýetiren adam jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekilmäge degişli däldir.

3. Professional türgene şeýle-de professional sport klubuna professional sport emininiň sport düzgünlerine laýyklykda kabul eden çözgüdi netijesinde ýetirilen maddy we ahlak zyýanyň (zeleliň) öwezi dolunmaga degişli däldir.

IV BAP. PROFESSIONAL SPORTUŇ MALIÝE WE

MADDY-ENJAMLAÝYN ÜPJÜNÇILIGI

21-nji madda.
Professional sportuň maddy-enjamlaýyn binýady

1. Professional sport klublarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ýagdaýyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Professional sportuň obýektleriniň eýeleýän ýer bölekleri dynç alyş-sagaldyş maksatly ýerlere degişlidir. Görkezilen ýerleri bölüp bermegiň we peýdalanmagyň tertibi Türkmenistanyň ýer kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. Professional sport klublary sport desgalarynyň eýeleýän ýeri üçin kärende töleginden boşadylýar.

22-nji madda. Professional sporty maliýeleşdirmek

1. Şu aşakdakylar Türkmenistanda professional sporty maliýeleşdirmegiň çeşmeleridir:

1) professional sport klublaryny esaslandyryjylaryň serişdeleri;

2) professional sport klublarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň sport çärelerine petekleri satmakdan, mahabat we sport ýaryşlarynyň teleýaýlymlarda alnyp görkezilişi üçin hukuklaryndan, sport çärelerini geçirmekden, sport lotereýalaryndan, şeýle hem telekeçilik işiniň beýleki görnüşlerinden alynýan girdejiler;

3) professional sport klubunyň professional türgeniň başga professional sport klubuna, şol sanda daşary ýurt professional sport klubuna geçmegi (transferi) netijesinde alýan serişdeleri;

4) professional sport gaznalarynyň serişdeleri;

5) edaralaryň, guramalaryň, kärhanalaryň we olaryň birleşikleriniň, şol sanda bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleriniň serişdeleri;

6) guramalaryň we raýatlaryň haýyr-sahawatlary;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

2. Buhgalterlik hasabaty, maliýe hasabatynyň düzülmegi we berilmegi, şeýle hem professional sport klublaryna salgyt salmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Professional sport klublary jemagat hyzmatlaryndan, poçta, telegraf we telefon aragatnaşygy guramalarynyň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan göz öňünde tutulýan nyrhlar boýunça peýdalanýarlar.

23-nji madda. Professional sportuň gaznalary

1. Professional sport babatda işi maliýeleşdirmek üçin professional sportuň gaznalary esaslandyrylyp bilner. Fiziki we ýuridik şahslar, şol sanda professional sport klublary professional sportuň gaznalaryny esaslandyryjylar bolup bilerler.

2. Şu aşakdakylar professional sportuň gaznalarynyň wezipeleridir:

1) sport çärelerini guramak boýunça professional sport klublarynyň işini maliýeleşdirmek;

2) professional sport klublarynyň olaryň öz önümçilik we önümçilik däl binýadyny ösdürmeklige gönükdirilen maýa goýumlaryna muzdsuz pul kömeginiamala aşyrmak;

3) professional sport klublaryna muzdsuz maliýe kömegini bermek.

3. Şu aşakdakylar professional sportuň gaznalarynyň maliýe serişdeleriniň çeşmeleridir:

1) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan professional sport klublaryny ösdürmäge muzdsuz gönükdirilýän serişdeler;

2) sport lotereýalarynyň peteklerini ýerlemekden we sport totalizatoryny geçirmekden alynýan serişdeler;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

4. Professional sportuň gaznalaryna salgyt salmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

24-nji madda. Professional sport babatda sport lotereýalaryny geçirmek we sport totalizatoryny guramak

1. Professional sport babatda sport lotereýalaryny geçirmek we sport totalizatoryny guramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Professional sport babatda sport lotereýalarynyň peteklerini ýerlemekden we sport totalizatoryny guramakdan alynýan girdejilere salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

V BAP. PROFESSIONAL SPORT BABATDA DAŞARY YKDYSADY IŞ WE HALKARA HYZMATDAŞLYGY

25-nji madda.
Professional sport babatda daşary ykdysady iş

1. Professional sport klublary daşary ykdysady işi, şol sanda sport çärelerine taýýarlyk görmek we olary geçirmek bilen baglanyşykly işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyryp bilerler.

2. Sport çärelerine taýýarlyk görmek we geçirmek üçin professional sport klublary tarapyndan ulanylýan enjam we gaýry emläk Türkmenistanyň gümrük çägine wagtlaýyn getirilende we bu çäkden wagtlaýyn çykarylanda şeýle enjamlaryň we emläkleriň importy we eksporty bilen baglanyşykly gümrük paçlaryndan we ýygymlaryndan boşadylýar.

3. Professional sport klublary professional türgenleriň daşary ýurt professional sport klublaryna geçirilmegini (transferini) amala aşyryp bilerler. Professional sport klublary şeýle geçirmeleriň (transferleriň) netijesinde alynýan girdejileri Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda ulanýarlar.

26-njy madda. Professional sport babatda halkara hyzmatdaşlygy

1. Türkmenistanyň çäginde professional sportuň halkara gaznalarynyň we guramalarynyň şahamçalary we beýleki düzümleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döredilip bilner.

2. Türkmenistanyň ýuridik şahslary professional sportuň halkara guramalaryna olaryň öz tertipnamalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda girip bilerler.

3. Türkmenistanyň professional sport klublary öz işine daşary ýurtly gatnaşyjylary çekip bilerler, şeýle hem halkara sport guramalaryndan we daşary ýurt döwletleriniň sport guramalaryndan ýörite maksatly gelip gowuşýan serişdelere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýar edip bilerler.

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

27-nji madda.
Professional sport babatda jedelleri çözmek

Professional sport babatda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

29-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow


Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.
№ 265-V.